Habarlar / News
Arkadag şäherinde köpçülikleýin jaý toýlary toýlanar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Arkadag şäherinde täze jaýlara göçüp gelmegiň hormatyna köpçülikleýin jaý toýlarynyň geçirilmegine taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň häzirki döwürde öňde boljak şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, öňde boljak şanly seneleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, täze şäheriň ösüş depginleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek meseleleriniň ünsden düşürilmeli däldigi bellenildi. Sportuň medeni çäreler bilen utgaşdyrylmagynyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda, halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrmakda ähmiýetlidigi, şunda şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň, jaý toýlarynyň täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydygy barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen şäheriň ösüşinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny hem belledi.


 

Gurbanguly Berdimuhamedov Expected to Attend COP31 Climate Conference in Antalya...
Gurbanguly Berdimuhamedov Expected to Attend COP31 Climate Conference in Antalya
Turkmenistan’s Central Bank, EU Discuss Prospects for Further Cooperation...
Turkmenistan’s Central Bank, EU Discuss Prospects for Further Cooperation
President of Turkmenistan Participates in the Aqaba Process Summit...
President of Turkmenistan Participates in the Aqaba Process Summit
Meeting of the President of Turkmenistan with the King of Jordan...
Meeting of the President of Turkmenistan with the King of Jordan
Turkmen President Takes Part in Nationwide Tree-Planting Campaign...
Turkmen President Takes Part in Nationwide Tree-Planting Campaign
Meeting of the Council for Cultural Cooperation of the CIS Member States...
Meeting of the Council for Cultural Cooperation of the CIS Member States
Official news Serdar Berdimuhamedov Highlights Need to Strengthen Trans-Caspian ...
Official news Serdar Berdimuhamedov Highlights Need to Strengthen Trans-Caspian Transport Corridor
A meeting was held at the State Service of Maritime and River Transport of Turkm...
A meeting was held at the State Service of Maritime and River Transport of Turkmenistan with representatives of "AECOM Technical Services" (USA)
Next Meeting on the Agreement on Marine Scientific Research in the Caspian Sea B...
Next Meeting on the Agreement on Marine Scientific Research in the Caspian Sea Begins
Meeting of the Foreign Ministers of Turkmenistan and Georgia...
Meeting of the Foreign Ministers of Turkmenistan and Georgia