Habarlar / Новости
Уточнено, по каким направлениям будет проводиться конкурс «Цифровое решение – 2024»

«Sanly çözgüt — 2024» bäsleşigini emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «akylly» öý we «akylly» şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň bu innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini «Türkmentel — 2024» halkara sergisiniň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

— Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagy bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysynyň «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibini goldap, oňa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Танкер «Достлук» укрепит сотрудничество ме...
Танкер «Достлук» укрепит сотрудничество между Азербайджаном и Туркменистаном
В Ашхабаде состоялось очередное, 13-е заседание Совместной туркмено-австрийской комиссии
В МИД Туркменистана состоялась встреча с По...
В МИД Туркменистана состоялась встреча с Послом Японии
Состоялось 9-е заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству
В Ашхабаде прошел туркмено-американский бизнес-форум
В Ашхабаде и за рубежом прошли массовые мероприятия по случаю Всемирного дня велосипеда
Морская Администрация Туркменистана успешно подтвердила соответствие стандарту ISO 9001:2015
Обсуждены ключевые аспекты туркмено-китайс...
Обсуждены ключевые аспекты туркмено-китайского стратегического партнерства
Встреча министров иностранных дел Туркмени...
Встреча министров иностранных дел Туркменистана и Азербайджана
Делегация Туркменистана приняла участие в мероприятиях Межпарламентской Ассамблеи СНГ