Habarlar / Habarlar
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde eden çykyşynda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany sammite gatnaşmaga çakylygy we türkmen wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Serdar Berdimuhamedow türki döwletleriň amatly geografik ýerleşişiniň Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Ol halkara ýük daşamalaryň şertlerini kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk we dokma pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara maýa goýumlary höweslendirmegiň hem-de bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistanyň Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlaryny belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bu merkezler ekologik meseleleriň çözülmegine we sebit derejesinde ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.

Serdar Berdimuhamedow türki döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer, bilim we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň hem möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we akademiki alyşmalary ýola goýmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutany sammitiň netijeleriniň döwletleriň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylaryna Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini alyp barmaga we sammitiň geçirilmegine goşandy üçin sagbolsun aýdyp, TDG-niň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi