Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Dohada Kataryň Emiri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Dohada Katar Döwletiniň Emiri, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Katara kyn döwürde bildirilýän goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky ýokary ynam derejesini hem-de doganlyk gatnaşyklaryny nygtap, ykdysadyýetde, energetikada we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini bellediler. Şeýle hem BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara meýdançalarynda hereketleriň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen hem duşuşdy.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy