Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34-nji ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi penşenbe güni Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde öz işine başlady.

Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.” diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belledi.  Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sergä Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de daşary ýurt kompaniýalary gatnaşar.

Çärede milli senagat, oba hojalyk, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda gazanylan häzirki zaman üstünlikler giňden görkeziler.

Garaşsyzlygyň 34-nji ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy