Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Britaniýanyň statistika gulluklary bilen gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri Beýik Britaniýadan we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan gelen kärdeşleri bilen bilelikde migrasiýa statistakasyny dolandyrmakda, zähmet bazaryna täsirini bahalandyrmakda hem-de statistikany ulanyjylara görä uýgunlaşdyrmakda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek boýunça çära gatnaşdylar.

Beýik Britaniýanyň hökümeti hem-de EGED Maksatnamasy tarapyndan guralan bu çäre Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet statistika gulluklarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdy britan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirip, statistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

EGED (“Ykdysady ösüş üçin netijeli dolandyryş”) maksatnamasy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bäş ýyllyk taslama bolup, onuň baş maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda ykdysady syýasatyň netijeliligini, statistik hasabatlylygy kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy