Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa –Russiýa" ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. 

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy medeni we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ulgamlary öz içine alýar. 

Milli bähbitlere özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog bu hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda netijeli orun eýeleýär. 

"Merkezi Aziýa – Russiýa"  formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. 

Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny geçirmek boýunça başlangyjy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. 

Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Duşenbe şäheriniň mejlise gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menziline gelip gondy. 

Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň ýokary wezipeli resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy