Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Şu möwsümde Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde «John Deere» we «СLAAS» ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler mähirli mübäreklediler. Olar döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan iş saparynyň welaýatyň ýaşaýjylary üçin buýsançly wakadygyny bellediler hem-de düýn Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulular bilen bugdaý oragyna başlanandygyny aýtdylar. Olar şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmegi bilen, bu bereketli toprakda ýetişen bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçileriň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda kuwwatly tehnikalar bereketli hasyly ormaga girişdiler.

Döwlet Baştutanymyz «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda däne kombaýnlarynyň galla oragyny geçirişini synlady. Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişligi daýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Ygşyldap oturan galla meýdanlary halkymyzyň saçagynyň egsilmez berekediniň nyşany bolup görünýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bäş welaýatynda hem galla oragyna girişilip, möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Şunda kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini, talabalaýyk saklanylmagyny, beýleki ekinlere hem ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky birinji hasylyndan taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Halkymyz çörege hemişe mukaddeslik hökmünde garapdyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler esasynda Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Ekerançylaryň ösdürip ýetişdirýän önümleri, esasan-da, galla önümleri ýokary hili, ýokumlylygy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ýetişýän önümleriň ähli görkezijiler babatda ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýaş kärendeçiler Annagulyýewler bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi doganlar Annagulyýewler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlaryň tutanýerli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar. Olar 2020-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýarlar. Annaguly şu ýyl 64 gektar meýdandan 256 tonna bugdaý hasylyna garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 15 gektar ýere gowaça, 5,7 gektar meýdana ýeralma we 4 gektar ýere gök-bakja ekinlerini ekendigini, Aşyrguly hem 15 gektara gowaça, 4,3 gektara ýeralma, 4 gektara gök-bakja ekinlerini ekendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylandygyny, indi daýhanlaryň girdejileriniň has-da artjakdygyny belläp, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, obada durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini nygtady. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer, merdana daýhanlarymyzyň bardygyna halkymyzyň begenýändigini, olaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerden bol hasyl öndürýän kärendeçilere sowgatlaryny gowşurdy.

Öz nobatynda, kärendeçiler Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimine welaýatyň ýaşaýjylary üçin niýetlenen 200 sany döwrebap awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.

Häkim awtoulaglar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe galla oragy möwsümini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyny üpjün eder.

Şeýlelikde, Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaýyň bol hasyly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi