Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan" gaz geçiriji taslamasynyň "Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat" gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklaryň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry. (Surat: dpmea.gov.af)

 

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär.

Çeşme: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy