Habarlar / Habarlar
Türkmenistan ABŞ-a TOPH gaz geçiriji taslamasyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan  (TOPH) gaz geçiriji taslamany goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

20-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli geçirilen çäredäki çykyşynda şeýle diýdi: "Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi".   

Köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler. Amerikanyň "Boeing", "Case New Holland", "John Deere", "Caterpillar", "General Electriс", "Sikorsky", "Nicklaus Design" kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

[…]

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy