Habarlar / Habarlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan gol çekildi.

Döwlet Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerine ýüzlenme edip, 2027–2028-nji ýyllar üçin BMG Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Gyrgyz Respublikasynyň kandidaturasyny goldamak baradaky teklibini makulladylar.

Sebitiň ýurtlary Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agzasy bolmagy baradaky karary hem kabul etdiler.

Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň Konsepsiýasyny, şeýle hem 2026–2028-nji ýyllar üçin sebit howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň toplumyny we olaryň öňüni almak boýunça çäreleri tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy