Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “Şabat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşenbe güni Daşkent şäherinde “Şabat–Daşoguz” atly bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Täze söwda zolagynda administratiw bina, degişli gümrük we karantin, fitosanitariýa we weterinariýa hyzmatlarynyň binalary, şeýle hem söwda pawilýony bilen ammar toplumlary gurlup işe girizildi.

Zolagyň çäginde “bir penjire” ulgamy giriziler, interaktiw platformalar, bank we lukmançylyk hyzmatlary, myhmanhana desgalary hereket eder. Mundan başga-da, zolaga gelip-gidýänler üçin giň awtoduralga döredildi.

Bu zolagyň işe girizilmegi Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge giň mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde hem serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy