Habarlar / Habarlar
Balkanabatda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi öz işine başlady

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi öz işine başlady. Munuň özi iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryndaky ösüşiň täze derejä çykýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Goňşy ýurduň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu bolsa iki dostlukly ýurduň goňşy sebitleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýan waka öwrüldi.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýjy önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri bar. Goňşy ýurduň sergä gatnaşýan düzümleriniň sanawy Eýran Yslam Respublikasynyň gaýtadan işleýän senagatynyň we goňşy ýurduň işewür düzümleriniň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda eýeleýän ugurlary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.

Üç günläp dowam etjek eksport mümkinçilikleriniň sergisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem sergä gatnaşýan kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumat alarlar.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy