Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow Gazagystan Respublikasynyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen Er-Riýadda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar öz ýurtlarynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň eksport-import mümkinçilikleriniň giňeldilmegini maslahatlaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikler 2025-nji ýylyň 23–27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilýän BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş maslahatynyň çäginde geçirildi.Taraplar metallurgiýa, maşyn gurluşygy hem-de gurluşyk materiallarynyň öndürilişi boýunça senagat gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli sementiň görnüşleri, onuň eksport mümkinçilikleri, şeýle hem “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümçilik işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Aşgabat we Astana türkmen tebigy gazynyň Gazagystanyň çäginden üstaşyr Hytaýa, Eýrana we Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermek mümkinçiliklerini hem öwrenýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy