Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň tamamlanmagynda “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi. 

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, “Açyk gapylar” daşary syýasy ugruny ösdürmekde, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmekde, şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly goşandy nygtalýar.  

Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirildi.

Ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine hem gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Giňişleýin mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby — “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”  atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy