Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhet gulluklarynyň wekilleri Sarahs serhet geçelgesinde duşuşyk geçirip, bu geçelge arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşyga geldiler.

Duşyşygyň dowamynda taraplar umumy serhetde durnukly howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu barada Eýranyň IRNA habar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Gepleşikleriň netijesinde, Sarahs serhet geçelgesi arkaly üstaşyr ýük daşamalaryny giňeltmegi we iki ýurduň gümrük gulluklarynyň iş sagatlaryny hem-de tertibini sazlaşdyrmagy göz öňünde tutýan serhet protokolyna gol çekildi.

Duşuşygyň netijesinde, Sarahs geçelgesi arkaly üstaşyr ýük daşamalary artdyrmagy we gümrük gulluklarynyň iş tertibini utgaşdyrmak boýunça taraplaryň arasynda täze serhet protokoly baglaşyldy.

Sarahs demir ýol hem-de awtoýol geçelgesi Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, Maşat şäherinden 185 kilometr uzaklykda, Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy