Habarlar / Habarlar
Azerbaýjanyň “Görogly” tankeri abatlaýyş işlerinden soň Türkmenistana gatnawlaryny dikeltdi

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyna (ASCO) degişli “Görogly” tankeri meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerinden soň ýük daşamak hereketlerini täzeden ýola goýdy we gämi ilkinji ýüzüşi arkaly Türkmenistanyň Gyýanly portuna bardy.

ASCO-nyň maglumatlaryna laýyklykda, tankeriň abatlaýyş işleri bellenen wagtynda “Zyh” gämi abatlaýyş-gurluşyk zawodynda geçirildi diýip, “Caliber.Az” neşiri habar berýär.

Abatlaýyş döwründe gäminiň suwasty we üstki bölekleri arassalanyp, boýag işleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem paluba we hereketlendiriji bölümi doly täzelendi, turbageçirijiler, elektrik ulgamlary hem-de gäminiň korpusy boýunça zerur tehniki işler amala aşyryldy. Gäminiň ýaşaýyş otaglary we naharhana bölümleri hem döwrebap görnüşde abatlandy.

Gäminiň ähli tehniki işlerinden soňra, “Görogly” synag tapgyrlaryny üstünlikli geçip, ýük gatnawlaryna täzeden işe goşuldy.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasynyň (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan “Zangilan” tankeri 2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy