Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi

2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyny bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara düşünişmegi berkitmegiň we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tutýan orunlaryny utgaşdyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtamak bilen, ýokary derejedäki parlament saparlarynyň ägirt uly orny, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklary bellenip geçildi. Hyzmatdaşlygyň bu formaty döwletara gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýän we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýän parlament diplomatiýasynda esasy orny hökmünde çykyş edýär.Taraplar kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we ugurdaş komitetleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem yzygiderli we netijeli gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýaş parlamentarileriniň, şeýle hem zenan parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem taraplar Halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.Taraplar bu resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy