Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-sahypasynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi.

Konsepsiýa bäş sany esasy ugry, ýagny parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýeti we ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini we ynsanperwer hyzmatdaşlygy kesgitleýär. Şeýle hem syýasy ugurda sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmak we GDA ýurtlarynyň arasynda diplomatik dialogy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Konsepsiýada bellenilişi ýaly, ykdysady ugur “Demirgazyk–Günorta” we “Gündogar–Günbatar” ulag geçelgelerini ösdürmegi, energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi hem-de söwdany we maýa goýumlary höweslendirmegi öz içine alýar.

Ekologik gün tertibi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda bilelikdäki taslamalary ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda 25 sany esasy çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär we olaryň ýedisi Türkmenistanda geçiriler. Şolaryň hatarynda maý aýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, sentýabrda Ykdysady Geňeşiň mejlisi, 9-njy oktýabrda Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri, şeýle hem Aşgabatda Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň doly teksti bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web-sahypasynda tanşyp bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy