Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler

15-nji aprelde Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasynyň ýolbaşçy düzüminiň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän gämileriň halkara konwensiýalarynyň talaplaryna laýyklygyny tassyklamak üçin gözden geçiriş ygtyýarlyklaryny Russiýanyň Deňiz gämileriniň hiline gözegçilik edýän döwlet edarasyna bermek hakyndaky ylalaşmak boýunça  meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2012-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we tehniki maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, deňizçilik bilimini halkara standartlara (STCW) laýyk getirmek, hünärmenleri diplomlaşdyrmak hem-de Türkmenistanda döwrebap okuw-türgenleşik merkezini döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň netijesi deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we iki ýurduň pudaklaýyn edaralarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary täze hile çykarmakda möhüm ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy