Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde penşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Hemişelik Wise-Premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar şulardan ybarat:

  1. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasy;
  2. Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş Ylalaşyk;
  3. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026–2030-njy ýyllar üçin) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  4. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk;
  5. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  6. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  7. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026–2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama;
  8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  9. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk;
  10. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Mundan başga-da, şol gün Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň ‘CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi