Habarlar / Habarlar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçy düzümi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet maddy ätiýaçlary boýunça agentliginiň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Saparyň esasy maksady portuň tehniki mümkinçilikleri we üstaşyr ýükleri daşamakda hödürleýän amatlyklary bilen tanyşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda täjik wekillerine Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwaty, logistik düzümi we halkara üstaşyr geçelgelerindäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Agentligiň wekilleri häzirki wagtda portuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dürli görnüşli harytlary halkara ugurlar boýunça üstaşyr geçirmegi meýilleşdirýändiklerini we eýýäm synag görnüşinde ilkinji ýük gatnawlarynyň ýola goýlandygyny bellediler. Hususan-da, multimodal daşamalarynyň netijeliligini barlamak maksady bilen, parom gatnawlary arkaly amala aşyrylýan ilkinji ýük kerwenleriniň tiz wagtda portuň üsti bilen bellenen nokada ugradyljakdygy nygtaldy.

Öz gezeginde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri Täjigistan Respublikasyna ugradyljak ýükleriň bökdençsiz we çalt amala aşyrylmagy üçin ähli şertleriň dörediljekdigini tassykladylar. Iki tarap hem geljekde üstaşyr ýük dolanyşygyny artdyrmak we ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy