Habarlar / Habarlar
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady hem-de bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýandygyny aýtdy.

“Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu çäräniň dowamynda iki ýurduň öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri we önümçilik ugurlary, gazanylan üstünlikleri görkezilýär.

Bu ýerde mowzuklaýyn mejlisler bilen birlikde B2B we B2G görnüşindäki işewürlik duşuşyklary guralýar. Bu duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de özara bähbitli şertnamalaryň baglaşylmagyna giň ýol açar.

Türkmen – hytaý işewürler forumy we sergisi iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny giňeltmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi 30-njy aprele çenli dowam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy