Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we dürli ugurlar boýunça ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, ýokary we iň ýokary derejedäki gatnaşyklary hem-de saparlary işjeňleşdirmäge, şeýle hem özara duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.Şeýle hem taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de dürli halkara düzümlerinde iki ýurduň ýokary derejedäki özara goldawyny nygtadylar.Geljekde geçiriljek ýokary derejeli halkara çäreleriniň taýýarlygyna, şeýle hem sebit we halkara meýdançalaryndaky bilelikdäki işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy