Habarlar / Habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Serwestan” köşgüne ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.Prezident Masud Pezeşkian belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Milli Liderimiziň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Masud Pezeşkiana iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we işjeň häsiýetine ünsi çekdi.Söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.Mohammad Galibaf türkmen halkynyň Milli Liderini eýran topragynda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.Hormatly Arkadagymyz türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän döwletara dialogyň häzirki ýokary derejesini belledi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.Söhbetdeşler türkmen we eýran halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň we Eýranyň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar.Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna saparyny tamamlap, Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi