Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.

10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we ol ýerden Tahtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň Yslym-Çeşme serhet ýakasyndan Owganystana ugrady.

Saparyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin ösüşiň binýadyny emele getirýän esasy energetika, ulag we infrastruktura taslamalaryny toplumlaýyn öňe sürmek meselelere seredildi.

Gepleşiklerde Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň hem-de onuň «Arkadagyň Ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Herat esasy böleginiň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Abdul Gani Baradar Gurbanguly Berdimuhamedowyň magistralyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmak üçin eden saparynyň taryhy wakadygyny nygtap, Geratda TAPI boýunça işleriň meýilnama laýyklykda dowam edýändigini belledi. Owgan tarapy TAPI taslamasyny, elektrik geçiriji (TAP) we optiki-süýümli aragatnaşyk geçiriji ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň kuwwatly guraly hökmünde bahalandyrýar. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ilaty energiýa bilen üpjün etmek meselelerini çözmäge, müňlerçe täze iş ýerlerini döretmäge we ýerli maýadarlar üçin tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilikler açar.

Işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bilelikdäki işçi toparyny döretmek teklip edildi. Mundan başga-da, owgan tarapy gaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamakda türkmen tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Gepleşikleriň eýeleýän beýleki bir möhüm ugry ulag-logistika pudagy boldy. Taraplar owgan harytlarynyň üstaşyr geçirilmegi üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny peýdalanmagy we «Lapis Lazuli» halkara köp ugurly geçelgesi boýunça aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda dolanşygyny artdyrmak üçin ähli zerur port infrastrukturasyny üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady we iki döwletiň arasyndaky serhediň parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolup galýandygyny nygtady.

Gepleşikleriň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen goňşy ýurduň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamama gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama laýyklykda, taraplar Gerat welaýatynda degişli infrastrukturany döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy