Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de sapar bilen Aşgabada gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Tosimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekilleriň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň esasy itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şul nukdýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa eden saparlarynyň ähmiýeti barada aýratyn durulyp geçildi.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasy ugruna goldaw berýändigi üçin ýapon tarabyna minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar. Şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler hem maslahatlaşyldy. Gaz-himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn nygtaldy. Öňdebaryjy tilsimatlar we emeli intellekt hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga ýapon tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Bu babatda «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly birnäçe ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda senagat toplumlaýyn desgalarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşandygy bellenildi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlesine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklary, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy