Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Jenap Rana Tanwir Hussainiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe boldy. Täze Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Bu şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ulanylyp gurlan bu ajaýyp şäherde adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin şertler döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan we dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigine, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli we köptaraplaýyn esasda ösdürmekde berk binýat bolup durýar. Şunda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny özara goldaýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain iki ýurduň umumy abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar.

Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetir...
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetirmekçi
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlyg...
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksat...
BMG-niň edaralary Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça maksatnamalaryny tassykladylar
BAE-de Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler...
BAE-de Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler
Türkmen alymlary Hazar deňzindäki suwotulardan ýod almagyň tehnologiýasyny...
Türkmen alymlary Hazar deňzindäki suwotulardan ýod almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler
Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar...
Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gat...
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşarlar
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa go...
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa goýdular
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy...
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini ma...
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy