Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna, ähli medeniýet we sungat işgärlerine baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany, hususan-da, şeýle belleýär:

"Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär. Eziz Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir.

Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda şeýle belleýär:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu gün Magtymguly Pyragy Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galyp, berkarar döwletimize, bagtyýar halkymyza buýsançly nazary bilen seredýär. Akyldar şahyryň belent başly ýadygärliginde şekillendirilen nurana keşbindäki buýsanç türkmen döwletiniň baky berkararlygyna bolan beýik ynamdyr.

Mähriban türkmen halkym!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".


 

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi