Habarlar / Habarlar
Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň çäklerinde guralan dürli çäreler ýurduň raýatlaryny köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň şu günki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Astana şäherindäki Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, medeni-edebi, ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gazak paýtagtyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Olar teatryň eýwanynda guralan Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şaý-sepleriň sergisine tomaşa etdiler. Dabarada çykyş edenler Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hormatly Prezidentlerine çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu medeni forum türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, döredijilik duşuşyklarydyr sahna hem-de kino eserleriniň görkezilişi ýaly täsirli çärelere baýlygy bilen tapawutlandy.

Astana şäherindäki «Kerwen» söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda görkezilen Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Istärin» atly çeper film sungat muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gazagystanyň Akademiki kitaphanasynda guralan döredijilik işgärleriniň duşuşygy Türkmneistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy bilen utgaşdy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Astana şäherindäki «Kerwen» söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl alma» atly çeper filmine tomaşa etdiler. Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy mynasybetli bu şäheriň Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan bilelikdäki dostluk konsertinde türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy diýlip, habarda bellenilýär.

 


 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy