Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen aýratynlykda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Telefon söhbetdeşlikleriniň dowamynda Şawkat Mirziýoýew, Rejep Taýyp Ärdogan we Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkiýäniň Prezidenti bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň martynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Özbegistanyň Prezidenti bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:

Söhbetdeşligiň dowamynda Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik:

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi. 

Şeýle hem söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi