Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar"

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astana sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Bu barada TDH habar berýär.

     «Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

     Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.

     «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda nygtady.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy