Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti «Lotfabad» gümrük nokadynda saparda boldy

Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy resmi saýtynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti «Lotfabad» gözegçilik-geçiriş nokadynyň infrastrukturasy, ýük daşaýan uly ulag serişdelerini barlamak üçin ornaşdyrylan rentgen gözegçilik-barlag enjamynyň işi, gümrük nokadynda ulanylýan sanly ulgam bilen tanyş edildi hem-de ol ýerde ýük awtoulaglar üçin niýetlenen duralga meýdançasyna we demirýol menziline barylyp görüldi.

«Lotfabad» gümrük nokadynyň mejlisler zalynda iki ýurduň serhet wekiliýetleriniň ikinji duşuşygy hem geçirildi. Bu duşuşykda «Artyk-Lotfabad» gümrük nokatlarynyň işini gyş möwsüminde iki sagat uzaltmak meselesi, özara maglumat alyşmak mehanizminiň işlenip taýýarlanmagy, iki ýurduň ýük daşaýan sürüjileri üçin wiza resmileşdirmek meselesi, bu gümrük nokadynyň üstünden geçýän demir ýoluň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan halkara multimodal ýük daşamalary ýola goýlanda, demir ýol ulag serişdelerinde ýük daşamalaryň tertibi we bahalary boýunça teklipler berildi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar babatda elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň ýola goýulandygy barada eýran tarapyna habar berdi.

Şeýle hem «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy