Habarlar / Habarlar
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär.
Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi. Dabara türgenleriň adaty bolmadyk ýörişi bilen başlandy: Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar Sena derýasynda gaýyklarda ýüzdüler. Wekiliýetleriň ýörişi Austerlis köprüsinde başlandy we olar gaýyklarda 6 kilometrlik ýoly geçip, Eýfel diňiniň öňündäki “Trokadero” meýdançasyna geldiler. Syýahatyň dowamynda türgenler Fransiýanyň paýtagtynyň gözel künjekleri: Notr-Dam, Luwr, Uly köşk, Pon-Nýof köprüsi we beýleki desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Däbe görä, türgenleriň dabaraly ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gresiýanyň ýygyndy topary açdy. Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan toparlaryň ählisi kenaryň ýakasynda gurnalan münberlere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünden geçdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Toparyň baýdak göterijisi, dzýudo boýunça “Uly tuwulga” ýaryşynyň Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji çempiony S.Rahimow türkmen türgenleriniň hatarynyň öňüni çekdi. Ol şu ýylyň maýynda Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Indi bolsa oňa dört ýyldan bir gezek geçirilýän esasy sport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baýdak göterijisi bolmak ýaly jogapkärli wezipe ynanyldy.

Olimpiada — 2024-de Türkmenistana S.Rahimow bilen bir hatarda, dzýudoçy M.Pardaýewa (57 kilograma çenli), ýüzüjiler M.Žalaýew (100 metr aralyga erkin usulda), A.Primowa (100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek), agyr atletikaçy D.Hasanbaýew (102 kilograma çenli) we ýeňil atletikaçy W.Meredowa (100 metr aralyga ylgamak) wekilçilik edýärler. W.Meredowa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Olimpiýa oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýan ýeke-täk türgen bolup, ol ilkinji gezek 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen Olimpiadada çykyş edipdi. Beýleki türgenler Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler.

«Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Pariždäki metbugat wekilleriniň habar berşi ýaly, türgenlerimiz ruhubelent we bäsleşige taýýar. Uzak aralyga garamazdan, olar watandaşlarynyň goldawyny duýýarlar. Çünki olar tutuş halkymyzyň agzybirlikde, watançylyk hyjuwy bilen özlerine üstünlik arzuw edýändiklerine ynanýarlar» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Fransiýanyň paýtagtyndaky Olimpiýa oýunlary 11-nji awgustda tamamlanar.


 

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi