Habarlar / Habarlar
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistana sapar bilen çagyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag ulgamyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyna hem-de Hazar deňzine çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugrunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat Ylalaşygyna ünsi çekdi. Energetika ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatladyp, türkmen tarapynyň şu ýyl Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň başynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Bu barada TDH ýazýar.


 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy