Habarlar / Habarlar
Tbiliside Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyňtanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasyny gurnady.

Tanyşdyryş dabara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanandygyny bellediler. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu karar, Türkmenistanyň ýokary derejede halkara abraýyna, türkmen halkynyň adamzat medeniýetiniň ösmegine goşan goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý milli medeni mirasyny öwrenmekde we giňden ýaýratmakda alyp barýan işleriniň ägirt uly ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ýene-de bir kitabyny gatnaşyjylara ýetirmek bilen, türkmen wekiliýeti kitapda türkmen ýaşlarynyň durmuş, ykdysady we medeni ugurlarynda alyp barýan işleri hem-deýeten sepgitleri, şeýle hemmundan beýläk-de watany ösdürmek babatynda öňde goýlan wezipeleri barada aýdylýandygyny belläp geçdiler.

Şol bir wagtyň özünde, ýaşlar barada alada etmekTürkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada aýratyn nygtaldy.

Tanyşdyryş dabaranyň dowamynda, şu ýyl Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde,döredijilik mirasy milli gymmatlygyň bahasyna ýetip bolmajak we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýanbeýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi barada beýan edildi.Gatnaşyjylary bu möhüm senä bagyşlanan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tanyşdyryldy.


 

Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar...
Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gat...
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşarlar
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa go...
Gazagystanly maýadarlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine $16,1 million maýa goýdular
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy...
Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 9,9 esse artdy
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini ma...
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaral...
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler...
Awaza — TIF 2025 Maýa Forumynyň geçiriljek meýdançasyna öwrüler
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde Si Szinpin bilen duşuşdy
Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy...
Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça d...
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy