Habarlar / Habarlar
Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň Funtow obasyndaky orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde ýerleşýän muzeýiň açylyşyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň ýolbaşçysy we wekilleri, sebitiň degişli düzümleriniň wekilleri hem-de orta mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti täze muzeýe gymmatly eksponatlary – suratlary we şaý-sepleri gowşurdy. Türkmen medeniýetini açyp görkezýän muzeýde milli eşikler, bezegler we döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Dabaranyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Haýdarow türkmen halkynyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada jikme-jik gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar täze muzeýiň eksponatlaryna tomaşa edip, türkmen alkynyň milli gymmatlyklaryna ýokary baha berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy