Habarlar / Habarlar
Masud Pezeşkian Gurbanguly Berdimuhamedowa pars diline terjime edilen kitabyny sowgat berdi

Tähranda geçirilen duşuşygyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri kitabynda möhüm ähmiýetli medeni gymmatlyklara — halk döredijiliginde, tymsallarda, rowaýatlarda öz beýanyny tapan parasatly ýörelgelere ýüzlenýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, biziň enelerimize belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Gahryman Arkadag bu eseriň pars diline terjime edilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, onuň doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaby pars diline terjime etmäge gatnaşan işgärleriň ählisine minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy