Habarlar / Habarlar
Budapeştde Türkmenbaşy deňiz portunyň Hazar deňzi geçelgesini ösdürmek babatda mümkinçilikleri tanyşdyryldy

25-26-njy aprelde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ulag boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesi boýunça ulag-üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek, ýük daşamalary amallaryny sanlylaşdyrmak, multimodal arabaglanyşygy oňaýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Batyr Annaýew gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Ýewraziýa üstaşyr ýük daşamalary ulgamyny döretmekde ýurdumyzyň çäk taýdan artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda durmuşa geçirilý än özgertmelere ünsi çekdi.

Şunda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna aýratyn orun degişlidir. Bu portuň tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistika merkezi bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri bar. Türkmenbaşy port toplumy özünde parom, ýolagçy, konteýner, ýük we beýleki terminallary, şeýle hem gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody özünde jemleýär

Bu port Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň bir bölegi bolmak bilen, Merkezi Aziýanyň üstaşyr ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Ol ýylda 17 mln tonna ýük geçirijilik mümkinçiligine eýe bolup, sebitde zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerini işlemäge ukyplydyr. Ýük daşamalary Türkmenbaşy – Hazarýaka döwletleriň portlary ugry boýunça yzygiderli amala aşyrylýar

Dünýäde häzirki wagtda bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, ýük daşamalaryň ugurlarynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär.

Aziýadan we Hytaýdan harytlar üçin Demirgazyk (Russiýanyň üsti bilen), Orta (Türkmenisatn-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa), we Günorta (Gyzyl deňziň üsti bilen) ugurlary has köp isleg bildirilýän ugurlar bolup durýar. 2024-nji ýylyň başynda Gyzyl deňizde we beýleki sebitlerde bolup geçen syýasy wakalar Ýewropa ugry boýunça ýük daşamalaryň bahasynyň artmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi bilen Gara deňziň arasyndaky orta geçelgäniň ähmiýeti has-da artýar we taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bu geçelgäni ösdürmek boýunça tagallalaryny birleşdirmegi geljek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, Batyr Annaýew nygtady.

Ol Türkmenbaşy portunyň işiniň netijeliligini ýokarlandyramk üçin yzygiderli çäreleriň görülýändigini belledi. Hususan-da, üstaşyr ýük daşamalary höweslendirmek, şol sanda deňiz ulagy bilen ýük daşamalara dürli ýeňillikleri bermek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Türkmenbaşy bilen Baku portlarynyň arasynda paromlar yzygiderli gatnaýarlar, gury ýük gämileri bolsa kiçi göwrümli ýük daşamalary amala aşyrýarlar. Türkmenbaşy portunda hereket edýän “Gümrük ammary” tertibi bolsa harytlary gümrük pajyny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär we bu mümkinçilikler taslama gatnaşyjy ähli ýurtlar üçin açykdyr.

Orta geçelgäniň ösdürilmegi we Türkmenbaşy portunyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamalaryň höweslendirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösmegine we olaryň dünýä bazaryndaky orunlarynyň pugtlanmagyna ýardam berer diýip, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy sözüni jemledi.

Şeýle hem ol öz çykyşynda 2018-nji ýylda döredilen “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüli paýdarlar jemgyýetriniň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Merkez Hytaýyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we beýleki döwletleriň hususy kärhanalary hem-de hojlayk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we amatly logistika çözgütlerini işläp taýýarlamak ýaly wezipleri ýerine ýetirýär.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi