Habarlar / Habarlar
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi

Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi we ilçihananyň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Myhmanlar hususanda, zawodda gurulýan iki sany gury ýük gämisiniň gurluşyna syn etdiler. Myhmanlar «Balkan» zawodynda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary we tehniklary aýratyn belläp, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Maslahata «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýanyň wekilleri hem-de gatnaşdylar.
Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Kýu-Tek iki ýurduň arasynda, hususan-da gämi gurluşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy belläp, bu babatda gelejekde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady.
Maslahatyň barşynda türkmen-koreý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini bellenip geçilip, öňde goýlan taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy pudagynda, ýagny, gurulmagy meýilleşdirilýän iki sany gury ýük gämisini gurmakda amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaldy.

Maslata gatnaşanlar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi pudagynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada hem-de, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde gazanylan üstünlikler barada tanyşdyryş prezentasiýasy bilen çykyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy