Habarlar / Habarlar
«Hyundai Engineering» Aşgabatda geçiriljek «OGT 2024» nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

23-25-nji oktýabrda  Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» (OGT 2024) halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu halkara forum energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini gazanmak we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça sebitleýin dialogy güýçlendirmäge goşant goşar, şeýle hem dünýä energetik bazarynyň soňky tendensiýalaryna syn berer. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering» kompaniýasy bu forumyň kümüş hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş eder. Ýeri gelende bu kompaniýanyň 2009-njy ýyldan bäri, Türkmenistanda «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlaryny özünde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň, Koreýa Respublikasynyň we Hytaýyň nebitgaz düzümleriniň wekilleriniň bilelikdäki tagallalary bilen bu ägirt uly gaz ýatagynyň özleşdirmegiň deslapky tapgyry 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlandy. Taslamanyň çäginde «Hyundai Engineering» kompaniýasy tarapyndan gazy kükürtden arassalaýjy zawod guruldy.

Giň tehniki mümkinçiliklere eýe bolan koreý kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda diňe bir ugur bilen çäklenmeýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagy hem kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Hususan-da, «LG International Corporation» bilen hyzmatdaşlykda «Hyundai Engineering» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) birnäçe täze tehnologiki bölümleri işe girizdi.

Türkmenistan bilen «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir görkezijisi hökmünde Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça iri gaz himiýa toplumynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslamanyň umumy bahasy 3,4 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, onuň durmuşa geçirilmegine «Hyundai Engineering» kompaniýasy bilen bir hatarda «Türkmengaz» döwlet konserni, Koreýa Respublikasynyň «LG International Corporation» kompaniýasy we Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasy gatnaşdylar. Zawod daşky gurşawyň halkara standartlaryna laýyk gelip, oňa Britaniýanyň TXF guramasy tarapyndan 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň ekologiýa taýdan arassa on taslamanyň biri hökmünde şahadatnama berildi.

Ýeri gelende bellesek, şu güne çenli 30 ýurda wekilçilik edýän 150-den gowrak wekil «OGT 2024» halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen guraljak duşuşyklar täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga we pikir alyşmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, global nebit we gaz kompaniýalarynyň gatnaşmagy, foruma gatnaşyjylaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşar.

Maslahata gatnaşmagyň şertleri barada has giňişleýin maglumaty forumyň web sahypasyndan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com

 


 

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi