Habarlar / Habarlar
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler.

Konstruktiw söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlygyklaryny bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy