Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan iň ýokary derejedäki gepleşiklere aýratyn orun berilýär.

Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025  Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz pudagynda we himiýa senagatynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen birlikde, taraplar “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki Birinji sammite taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy