Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi.Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy.

Şeýle formatda ýörite wekilleriň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi hem-de Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary ilertletmekde oňyn meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Häzirki duşuşyk Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.Taraplar Owganystany durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwürmek meselesinde ygrarlydyklaryny mälim etdiler we halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanyň halkyna goldaw bermegi dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryny tassykladylar.

Duşuşykda Owganystany ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmak we dikeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy üçin amatly şertleri döretmegiň we Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow gatnaşyjylary türkmen tarapynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde dialogy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler we Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň – dünýäniň döwletleriniň, esasanam Merkezi Aziýa sebitiniň, abraýly halkara düzümleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy