Habarlar / Habarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär sekretary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisi açmak bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurduň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýändigini belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem toparyň işiniň 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulanlygy sebäpli, 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini goşmak bilen geçen ýylyň dowamynda möhüm wakalaryň geçirilendigi bellenildi.

2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn we oflaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň netijesinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça möhüm resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilendigi nygtaldy.

Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklary girizmek babatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipler bilen baglylykda ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň düzüm birliklerinde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly wajyp meselelere hem garaldy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy