Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak babatynda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi ýaly wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak ykdysady forumyň umumy mejlisiniň gün tertibine girizildi.

H.Geldimyradow öz çykyşynda bilelikdäki logistika merkezlerini we meýdançalaryny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etmek bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek boýunça başlangyçlaryna foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Forumyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň wekillerine sebitleýin ykdysady ösüşiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik beren birnäçe mowzuklaýyn çäreler guraldy.

Foruma gatnaşyjylar onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebitleýin ykdysady utgaşygyna ýardam berjekdigine we Hazaryň halkara söwdasynyň strategiki merkezi hökmündäki ornuny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Umumy mejlisiň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Üçünji Hazar ykdysady forumynyň Bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref tarapyndan kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy