Habarlar / Habarlar
Tokioda türkmen-ýapon söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 17-19-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş sapary amala aşyryldy. Bu barada DIM-iň Diplomatik wekilhanalaryň habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi A.Nagaşimanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

 Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda ulag, gaz we himiýa senagaty pudaklarynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar.

Şeýle-de R.Jepbarowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy N.Haýaşiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki tejribeleriniň orny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky nebit-himiýa, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada ýakyn geljekde alnyp baryljak iri taslamalar barada aýratyn bellenildi.

Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary T.Matsuo bilen hem duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet we senagat ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek üçin Ýaponiýanyň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň täze derejede dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Mundan başga-da Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen NEXI-niň başlygy A.Kurodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň dürli maliýe edaralaryny Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge çekmek boýunça işi ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi