Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Pedro Wargas Dawid ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolup, baý milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri bilen dünýäde tanalýar.

Ýurdumyzyň diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdygy bellenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi