Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň “EKSPO — 2025” sergisiniň çäklerinde geçirjek çäreleriniň sanawy işlenip taýýarlanyldy

Türkmenistan şu ýylyň aprel-oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmak boýunça taýýarlyk işlerini alyp barýar.

14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy