Habarlar / Habarlar
Singapurda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli brifing geçirildi

Singapurda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

 

Çärä Singapur Respublikasynyň Daşary işler, Ulag, Söwda we senagat ministrlikleriniň, Singapuryň hyzmatdaşlyk agentliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdyýew ýylyň dowamynda Türkmenistanda wajyp ähmiýetli syýasy-diplomatik, ykdysady, şeýle hem medeni çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi.

 

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýokary derejedäki çärelere aýratyn üns çekildi.

 

Mundan başga-da, brifingde Türkmenistanyň şu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berlip, indiki ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde birnäçe teklipler beýan edildi.

 

***

 

Türkmenistanyň ilçisi B.Durdyýewiň Singapur Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň edarasynyň, Daşary işler, Ulag, Söwda we senagat ministrlikleriniň ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

 

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran meseleler, hususan-da, ýokary derejedäki saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek, parlamentara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek we medeni alyş-çalyşy işjeňleşdirmek ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy